Türk Geňeşi Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümini berk ýazgardy

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümini berk ýazgardy

1455217
Türk Geňeşi Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümini berk ýazgardy

 

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bahdad Amreýew, Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümini berk ýazgardy.

Türk Geňeşinden berlen beýanatda, “Baş sekretar Amreýew, ermeni ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň Ermenistan serhedinde ýerleşýän köp ilatly Towuz welaýatyna guran hüjümini berk ýazgarýar we serhetde dartgynlygyň artmagyna uly alada bildirýär” diýildi.

Beýanatda, Amreýewiň azerbaýjanly şehitleriň hossarlaryna, doganlyk azerbaýjanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýändigi, ýaralananlara gyssagly şypa dileýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Türk geňeşi halkara hukuk kadalaryna we ýörelgelerine baglydygyny beýan edip, Ermenistan-Azerbaýjan Ýokary Garabag meselesiniň Azerbaýjan Respublikasynyň özbaşdaklygyna, territorial bitewiligine we halkara kararlara laýyklykda gysga wagtda çözülmeginiň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar”diýildi.



Degişli Habarlar