Ilham Aliýew Prezident Erdogana gutlag hatyny ugratdy

Ilham Aliýew Wolkan Bozkyra hem gutlag hatyny ugratdy

1438793
Ilham Aliýew Prezident Erdogana gutlag hatyny ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlyklygyna Türkiýe tarapyndan dalaşgär hödürlenen Wolkan Bozkyryň saýlanmagy mynasybetli Prezident Rejep Taýýip Erdogany gutlady.

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ilham Aliýew, Erdogana iberen hatynda, BMG-de ilkinji gezek bir türk wekiliniň bular ýaly ýokary derejeli wezipä saýlanmagynyň özlerinde hoşallyk duýgusyny döredendigini habar berdi. 

Onuň Erdoganyň eden tagallasy bilen ýola goýulandygyny aýdan Aliýew: "Türk diplomatiýasynyň liderligiňiz saýasynda alyp barýan tutanýerli we üstünlikli işleriniň netijesinde ýurduňyz halkara arenada uly abraý gazanýar. Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň umumy tagallalarymyz bilen üstnülikli ýagdaýda dowam etjekdigine ynanýaryn. Bu pursatdan peýdalanyp size jan-saglyk we üstünlik, doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin" diýip belledi. 

ILham Aliýew Wolkan Bozkyra hem hat ugradyp, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy mynasybetli gutlady we üstünlikler diledi. 



Degişli Habarlar