Bir kilometre golaý uzynlygyndaky eksport otlusy Orta Aziýa tarap ýola çykdy

940 metrlik uzynlygyndaky eksport otlusy Orta Aziýa tarap ýola çykdy

1400716
Bir kilometre golaý uzynlygyndaky eksport otlusy Orta Aziýa tarap ýola çykdy

Türkiýede öndürilen eksport önümlerini Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlara alyp gitjek 82 konteýnerden ybarat 940 metr uzynlygyndaky otly, Türkiýäniň Kars welaýatyndan Gruziýa tarap ýola çykdy. 

Izmir, Adana, Mersin, Kojaeli we Kütahýa welaýatlarynda öndürilen eksport önümlerini daşaýan otly 82 konteýnerden ybarat.

940 metr uzynlygyndaky otly, Baky-Tbilisi-Kars demir ýol liniýasynda iş alyp baran iň uzyn otly aýratynlygyna eýe. 

Kars welaýatyndan hereket eden otly, ilkinji duralgasy bolan Gruziýa tarap hereket etdi. 

Demir ýol liniýasynyň ugrundaky ýurtlara ýüklerini tabşyrjak otly, 9-njy gün, iň soňunda Özbegistana barar. 9 günüň içinde ähli ýükler degişli ýurtlara tabşyrylar. 


Etiketkalar: #Orta Aziýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar