Azerbaýjanda türk filmleriniň hepdeligi geçirilýär
Nizami kino merkezinde geçirilýän çärä Türkiýeden ussat aktýorlar, aktrisalar, režisýorlar gatnaşdy
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda 5-nji türk kino filmleriniň hepdeligi režisýor Şükrü Alaçamyň “Lojman” filminiň görkezilmegi bilen başlady.
Nizami kino merkezinde geçirilýän çärä Türkiýeden ussat aktýorlar, aktrisalar, režisýorlar gatnaşdy.
Adalat we ösüş partiýasynyň Ordu halk deputaty Metin Gündogdu, çärede eden çykyşynda, 5 ýyl ozal başladylan film hepdeliginiň Azerbaýjanda türk filmlerine bolan gyzyklanmanyň artmagynda esasy orun eýeleýändigini aýtdy
Gündogdu, Türkiýedäki täze kino filmleriň Azerbaýjanda görkezilýändigini aýratyn belledi.
29-njy noýabra çenli dowam etjek çärede “Kapan”, “Annem” we “Rafadan Taýfa” ýaly filmler görkeziler
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy