DKTR-nyň Prezidenti Akynjy, Çawuşoglyny kabul etdi
DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyny kabul etdi
Ministr Çawuşogly, resmi sapar bilen baran DKTR-de ýurdyň Prezidenti Akynjy tarapyndan kabul edildi.
Prezident köşgünde geçirilen duşuşyga Türkiýäniň Nikosiýa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri, Prezidentiň metbugat sekretary Baryş Burju we Daşary işler ministrligiň Kipr bölüminiň baş direktory ilçi Çagataý Erjiýes gatnaşdy.
Takmynan 1,5 sagat dowam eden duşuşykdan soň, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň ýolbaşçylygynda, ministr Çawuşoglynyň gatnaşmagynda DKTR-nyň Respublikan Mejlisinde wekilçilik edilýän syýasy partiýalaryň başlyklary bilen tegelek stol maslahaty geçirildi.
Maslahata Akynjy we Çawuşogly bilen birlikde, Milli Birlik partiýasynyň başlygy we Premýer ministr Ersin Tatar, halkyň partiýasynyň başlygy, Wise-premýer we Daşary işler ministri Kudret Özersaý, Respublikan Türk partiýasynyň başlygy Tufan Erhürman, Jemgyýetçilik Demokratik partiýanyň başlygy Jemal Özýigit, Demokrat partiýanyň başlygy Serdar Denktaş, Täzeden Dogulyş partiýanyň başlygy Erhan Arykly ýaly ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Degişli Habarlar
Erdogan Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy