DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Jeýn Holl Luty kabul etdi

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, düýn BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Kipr meselesi boýunça wagtlaýyn ýörite maslahatçysy Jeýn Holl Luty kabul etdi

1261977
DKTR-nyň Prezidenti Akynjy Jeýn Holl Luty kabul etdi

DKTR-nyň Prezidentiniň metbugat geňeşçisi Baryş Burju, beren ýazmaça beýanatynda, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjynyň Jeýn Holl Luty kabul edendigini we gepleşikleriň takmynan 2 sagat dowam edendigini habar berdi.

Duşuşyga DKTR-nyň Prezidentiniň metbugat geňeşçisi Baryş Burju, Hukuk maslahatçysy Sülen Karabajak we Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen Ipek Borman gatnaşdy.

Jeýn Holl Lut bilen netijeli we peýdaly duşuşygyň geçirilendigini aýdan Baryş Burju, Prezident Akynjynyň Kipr türk tarapy hökmünde ozaldan bäri üstünde duran meselerini jikme-jik edip açyk we anyk ýagdaýda aýdyp geçendigini mälim etdi.   

Burju: “Hormatly Lut, Baş sekretaryň hem arzuwy bolan işleri tamamlamak üçin tagalla edýär. Şol çäkde hormatly Lut, Prezidentimiz bilen şu gün duşuşmak üçin isleg bildirdi. Duşuşyk şu gün geçirildi” diýip habar berdi.


Etiketkalar: #Kipr , #Mustafa Akynjy , #DKTR

Degişli Habarlar