Türk Geňeşi Wengriýada ofis açar

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Stambulda jemlenişdi

1248249
Türk Geňeşi Wengriýada ofis açar

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Stambulda jemlenişdi.

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewiň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran, Azerbaýjanyň Daşary işler mşinistriniň orunbasary Ramiz Hasanow, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Aýbek Omokeew bilen geňeşiň synçy agzasy Wengriýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Tamas Kenjzer gatnaşdy

Taraplar Geňeşiň Azerbaýjanyň paýtagt Bakuda geçiriljek 7-nji maslahatynyň taýarlyklary barada pikir alyşdy

Maslahatda söz sözlän Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew, “Maslahatda Wengriýada Türk geňeşiniň tanyşdyrylyş ofisiniň açylmagy, oktýabr aýynda Bakuda geçiriljek Türk geňeşiniň 7-nji liderler maslahaty we Gazagystanyň teklibine laýyklykda Türk iş hyzmatdaşlygy guramalarynyň düzümine üýtgetme girizilmegi barada pikir alyşdyk”diýdi.

Geňeşiň Ýewropada ofisiniň açylmagy etaby barada hem durup geçen Amreýew, gurama heniz agza bolmadyk Türkmenistan we Özbegistan bilen bilelikde durmuşa geçiriljek işleri seljerendiklerini belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar