Front liniýasynda bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

"Hüjüm gepleşik etabyny bökdemek maksady bilen guraldy"

1215350
Front liniýasynda bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy

Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden 1 esger şehit boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň ot açmagy sebäpli Elşen Halilow atly esgeriň şehit bolandygy nygtaldy.

Beýanatda ministrligiň ýolbaşçylarynyň şehit esgeriň hossarlaryna gynanç bildirýändigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda bolsa, hüjümiň Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçiriljek gepleşigiň öňüsyrasynda guralandygyna üns çekildi we hüjümiň gepleşik etabyny bökdemek maksady bilen guralandygy bellenildi

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar