Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

878017
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kataryň Emiri Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Emiri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere we geljekki meýilnamalara garadylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, iki ýurduň Liderleri däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara ylalaşykly gatnaşyklara bolan üýtgewsiz ygrarlydygy bellenildi.(TDH)

Gürrüňdeşligiň ahyrynda iň gowy dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani iki ýurduň halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon gepleşigi katar tarapynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy.



Degişli Habarlar