“Esaslandyryjy döwletleriň halkara derejede ylalaşyk baglaşma ygtyýary meselesinde ylalaşyldy”

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy esaslandyryjy döwletleriň halkara derejede ylalaşyk baglaşma ygtyýary meselesinde Kipriň grek bölegi bilen ylalaşandyklaryny mälim etdi

583492
“Esaslandyryjy döwletleriň halkara derejede ylalaşyk baglaşma ygtyýary meselesinde ylalaşyldy”

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis oktýabr aýynyň ikinji duşuşygy üçin BMG-nyň gözegçiligi astyndaky ara zolakda duşuşdylar.

Prezident Mustafa Akynjy duşuşykdan soň beren beýanatynda ilkinji 4 temada ylalaşyk gazanylmadyk meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny we käbir öňe gidişlik edendiklerini habar berdi.

Mustafa Akynjy: “Bize görä öňe gidişlik bar we şu günki günde hem beýleki etaba geçimegimiz üçin päsgelçilik bolmaly däldir. Meseläni dolulygyna görmäge başlanymyzdan soň, yza garap beýleki meselelere çözgüt tapmak aňsat bolar” diýdi.

Liderleriň indiki duşuşyklary anna güni bolar.



Degişli Habarlar