Bütindünýä oýunlarynda on alty medal gazanyldy

Sportuň laçyn bilen aw etmek görnüşi, ýaýdan ok atmak, at çypyşyklary hem-de beýlekiler boýunça bäsleşiklere 60-dan gowrak ýurtdan 1 müňe golaý türgen gatnaşdy

568134
Bütindünýä oýunlarynda on alty medal gazanyldy

Düýn Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl kölüniň kenaryndaky şypahana şäherinde Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlary tamamlandy, oňa türkmen türgenleri hem gatnaşyp, oýunlaryň dört görnüşi boýunça bäsleşiklerde jemi 16 medal – dokuz altyn, bir kümüş we alty bürünç medala eýe boldular.

Sportuň laçyn bilen aw etmek görnüşi, ýaýdan ok atmak, at çypyşyklary hem-de beýlekiler boýunça bäsleşiklere 60-dan gowrak ýurtdan 1 müňe golaý türgen gatnaşdy.

Türkmenistanly türgenleriň hataryndan ilkinji bolup Rejepaly Orazalyýew 100 kilogramdan ýokary agram derejede türkmen göreşi boýunça  altyn medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby bu ýeňşe ýetmek üçin dört tutluşyk geçirmeli boldy. Ilkinji tutluşykda ol gazagystanly türgenden, soňra öz ildeşi Annamyrat Myradowdan, ondan soňra gyrgyz türgeninden we finalda bolsa eýranly pälwandan üstün çykdy.

Alyş göreşi boýunça hem türgenlerimiz sekiz altyn medal gazandylar. Zöhre Madraimowa (60 kilograma çenli), Gülnar Haýytbaýewa (65 kilograma çenli), Rano Uzakowa (70 kilograma çenli), Nasiba Surkiýewa (75 kilograma çenli), Şatlyk Jumanazarow (60 kilograma çenli), Hangeldi Allakow (70 kilograma çenli), Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli) we Jepbar Atamämmedow (100 kilogramdan ýokary) sportuň bu görnüşi boýunça ýeňiş gazanmagy başardylar. Laçyn Badaglyýewa (55 kilograma çenli) kümüş medala, Maksuda Egemberdiýewa bolsa (65 kilograma çenli) bürünç medala eýe boldular.  

Guşakly göreşiň Gazagystanda ýaýran görnüşi boýunça hem türkmen türgenleri üç bürünç madala eýe boldular. Batyr Gurbannazarow (60 kilograma çenli),  Ylýas Mömünow (70 kilograma çenli) we Serdar Joragulyýew (90 kilograma çenli) üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Sportuň gyrgyz göreşi boýunça bäsleşiklerde türkmen türgenleri Medet Hallygurbanow (66 kilograma çenli) hem-de Guwanç Ýagmurow (84 kilograma çenli) ýene-de iki bürünç medala mynasyp boldular. (TDH)



Degişli Habarlar