ŞHG-nyň Lideler maslahaty Daşkentde öz işine başlady

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Lideler maslahaty Daşkentde geçirilýär

517385
ŞHG-nyň Lideler maslahaty Daşkentde öz işine başlady

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Lideler maslahaty Özbegistanyň paýtagty Daşkentde öz işine başlady.

Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Özbegistanyň Prezidenti İslam Kerimow guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän ýurdunyň guramanyň çäginde köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, geçen ýyl Russiýada geçirlen ŞHG-na agza ýurtlaryň Lideler maslahatynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berendigini nygtady.

Özbegistanyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe guramanyn durmuşa geçirýän işleri bilen arabaglanşykly 50-den gowrak maslahatyň we çäräniň geçirlendigini aýdan Kerimow, şu günki maslahatda ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin giň gerimli resminamalaryň taýarlanyp hödürlenendigini nygtady.

Kerimow şu gün Daşkent jarnamasy bilen guramanyň 2025-nji ýyla çenli durmuşa geçirljek strategik galkynyş meýilnamasyna gol çekişiljekdigini belledi.

Şol gün gol çekişilmegine garaşylýan Hindistanyň we Pakistanyň agzalyk statusy hakyndaky jogapkarçilikler memorandiumynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ösüş etabyna itergi berjekdigini aýdan Kerimow, degişli taraplaryň arasyndaky gepleşik etabynyň aldym-berimli geçendigini ýatlatdy.

Kerimow muňa garamazdan ähli kynçylyklaryň ýeňlip geçilendigini we taraplaryň arasyndaky käbir garaýyş tapawutlylygy meselesiniň hem guramanyň maksadyna laýyklykda çözülendigini we ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar