DKTR-nyň Premýer ministr Kalýonju Türkiýede saparda bolýar

Resmi sapar bilen Türkiýä gelen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ömer Kalýonju Çankaýa köşkünde Premýer ministr Dawutogly bilen duşuşdy

443304
DKTR-nyň Premýer ministr Kalýonju Türkiýede saparda bolýar

Toparara duşuşyklaryň tamamlanmagyndan soň iki premýer ministr bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Kalýonju ýygnakda sözlän sözünde Türkiýe bilen gol çekişilen suw üpjünçiligi baradaky ylalaşyk ugrunda edilen işler mynasybetli sagbolsun aýtdy.

Ýerasty serişdeleri taýdan kynçylyk çekýän ýurdy üçin suwuň “ýaşaýyşyň çeşmesidigini" nygtan Kalýonju, suwuň ýurtlaryň arasyndaki gatnaşykda täze döwür açmagyny, ykdysady girdejiler bilen birlikde kiprliler bilen birlikde Türkiýäniň arasynda parahatçylyk, ik taraply bähbit we ýakynlyk taýdan goşant goşmagyny arzuw etdi.

Kiprde adyl we durnukly çözgüt ugrundaky tagallalarda uly netijelerin alynandygyny nygtan Premýer ministr Kalýonju, gepleşik etabynyň oňyn dowam edýändigini nygtady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly bolsa Türkiýeden DKTR-na gidýän suwuň strategik maýa goýumydygyny, Kipriň geljegi taýdan möhüm başlangyç emele getirýändigini aýtdy.

Grek böleginiň DKTR bilen suw üpjünçiligi baradaky ylalaşygy ykrar etmejekdigi baradaky beýanatlara-da ünsi çeken Dawutogly: “Biziň ykrar etmedik ýurdumyzyň beýanaty bizi gyzyklandyrmaýar" diýdi.



Degişli Habarlar