Türkmenistan-Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygyň geljegi

Häzir Türkmenistan we Ýaponiýa däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryna, ygrarly bolmak bilen, ykdysady bähbitleriň deňagramlylygyna hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanan özara gatnaşyklaryň nusgasyny döredýär

396998
Türkmenistan-Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň işjeň hem-de ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri bolan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady. Şonda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň şol mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup, şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy “Sumitomo Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasy bilen Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnama baglaşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany çalt depginlerde senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ösdürmek we artdyrmak boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika ähmiýetli orun berilýär. Hereket edýän, ulanylmaga berilýän täze senagat we durmuş desgalaryny elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ýurdumyzda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirilýär. Hususan-da, welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketleriniň, tok geçiriji ulgamlaryň, tok paýlaýjy elektrik podstansiýalaryň birnäçesi guruldy, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenilýär. Şol işleriň netijesinde energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ençeme esse ýokarlandy, bu bolsa diňe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge däl-de, eýsem, onuň goňşy döwletlere iberilişini hem has artdyrmaga mümkinçilik berýär.

“Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyryljak täze maýa goýum taslamasy hem düzümi has-da ösdürmäge, türkmen elekroenergetikasynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmek hem-de ýurdumyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça maksatnamalar innowasiýalaryň, täze ylmy-tehniki işläp düzmeleriň, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýär. Şunda dünýäniň işewür we maliýe toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklara giň mümkinçilik açylýar.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu maksatnamalaryň çäklerinde hususan-da, himiýa senagatyny, maşyngurluşyk, oba hojalyk, gurluşyk, ýeňil, azyk we senagatyň beýleki pudaklaryny, ýurdumyzyň derman önümçiligini ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň 110-dan gowragyny amala aşyrmak bellenildi. Ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki önümleri öndürýän döwrebap kärhanalar bina ediler.

Häzir Türkmenistan we Ýaponiýa däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryna, ygrarly bolmak bilen, ykdysady bähbitleriň deňagramlylygyna hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanan özara gatnaşyklaryň nusgasyny döredýär.

Ýokary derejede, hökümetara we pudagara derejelerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar iki dostlukly ýurtlaryň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugra ygrarlylygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň her biri bu gün täze mazmuna eýe bolýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça işewür pikir alyşmalara öwrülýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran resmi sapary däbe öwrülen türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň jemleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Olaryň hatarynda “Täze hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky bilelikdäki Beýannama”, tehniki hyzmatdaşlyk, tebigy gazy ýokary tehnologik usulda gaýtadan işlemek, ykdysadyýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn resminamalar bar. “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Sojitz” “Chiyoda”, “Nippon”, “ITOCHU”, “JGC”, “Kawasaki”, “TOYO”, “Mitsui”, “Tsukishima”, “Mitsubishi”, “Sumitomo” ýapon kompaniýalary bilen, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky bilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Amala aşyrylmagy bellenilen taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi. Bu duşuşyk şu ýylyň martynda Sendaý şäherinde boldy. Bu ýerde BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahaty geçirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen Lideri we ýapon Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewür hem-de düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Türkmen-ýapon we Ýapon-turkmen komitetleriniň işine, hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür maslahatlara ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol saparyň çäginde Ýaponiýanyň işewürleri bilen geçiren duşuşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan duşuşykda ýapon işewürleri hyzmatdaşlyk etmek, onuň netijeliligini artdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdiler. Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat,ÝatirimveDişTicaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Häzir Türkmenistanda ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolan iri ýapon kompaniýalary üstünlikli işleýär. Dünýä belli ýapon nyşanlary, ýapon önüm öndürijileriniň önümleri türkmen bazarynda uly orun eýeleýär. “Komatsu” we “Itochu Corporation” ýapon kompaniýalary bilen köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýokary öndürijilikli awtoulag, ýol-gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalary getirmek babatda hyzmatdaşlygy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şol tehnikalar ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, suw we oba hojalyk pudaklarynda netijeli ulanylýar.

Himiýa senagaty hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly pudagy bolup durýar. 2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanylmaga berildi. Onuň taslamasyny düzmek, enjamlaryny getirmek we tehniki maslahat işlerini “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalary amala aşyrdylar. Toplumyň kuwwaty bir ýylda 400 müň tonna ammiaga we 640 müň tonna karbamida barabardyr.

Häzir “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň baglaşan şertnamasy boýunça “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa), “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyny alnyp barýar. Kärhananyň kuwwaty bir ýylda 1 million 155 müň tonna önüme deňdir.

Beýleki türkmen-ýapon ylalaşyklary hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ine, Hazaryň kenarýakasynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumy bina edilýär. Onuň düýbüniň tutulyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryndan gowrak bolan taslama “TOYO Engineering” (Ýaponiýa) kompaniýasy hem-de “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Toplumyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda polietileniň 386 müň tonnasyna we polipropileniň 81 müň tonnasyna barabar bolar. Bu taslamanyň eksport-kredit agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Aziýanyň 2014-nji ýylda iň oňat on taslamalarynyň biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemek ýerliklidir.

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy doly güýjünde barýar. Bu iri maýa goýum taslamasy “Kawasaki” ýapon kompaniýasy hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de Euro-5 ölçegi boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolar. Ol ýapon tarapynyň maýa goýmagynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Zawody 2018-nji ýylda ulanmaga tabşyrmak bellenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, eksportda onuň gaýtadan işlenen önümleriniň paýyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berip, tebigy gaz we çig nebit ýaly diňe bir ilkibaşky görnüşindäki energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny has giňeltmän, eýsem, gazhimiýa önümçiliginiň has girdejili bazarynda-da mynasyp orny eýelär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde nygtaýşy ýaly, häzirki zaman gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň gurulmagy “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” wajyp ugurly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu ulgamyna depgin berilmegi has-da möhümdir, çünki Türkmenistan “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.

Iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen maýa goýum hem-de tehnologik taýdan hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanmasyny we muňa taýýardygyny şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen türkmen-ýapon işewürler maslahaty nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýapon wekiliýetiniň düzümine ýangyç-energetika toplumynda, ulag pudagynda, taslamalary düzmek we gurluşyk ulgamynda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar pudagynda, saglygy goraýyşda we söwdada ýöriteleşen onlarça iri şereketleriniň we korporasiýalaryň wekilleri girdi. Olar “ITOCHU”, “Marubeni”, “Sojitz”, “MitsubishiHeavyIndustries”, “JOGMEC”, “Chiyoda”, “Sumitomo”, “JGC”, “KawasakiHeavyIndustries” ýaly korporasiýalardyr, iri söwda assosiasiýasiýalarydyr hem-de bilim- ylymdan başlap, enjamlara we maýa goýumlara çenli pudaklarda köpugurly hyzmatlary hem-de toplumlaýyn çözgütleri hödürleýän işewürlerdir.

Işewürler maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Sumitomo” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu korporasiýa elektroenergetika pudagynda ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge, bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Umuman, bularyň hemmesi dünýäniň, şol sanda Ýaponiýanyň işewür we maliýe toparlary tarapyndan oňat, belent halkara abraýy hem-de geljekde uly ösüşi bolan ygtybarly, durnukly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana bolan ynamyň belent derejesine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýadynda Bitaraplyk derejesi goýlan netijeli daşary syýasatynyň ýöredilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda ägirt uly senagat toplumlaryň gurluşygyna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz iri daşary ýurt işewürliginiň maýa goýumlarynyň çekilmeginiň wajypdygyndan ugur alyp, umumy kabul edilen halkara kadalaryny nazarda tutmak bilen degişli kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirmek arkaly daşary ýurtly maýadarlaryň işlerini hukuk taýdan goramak hem-de ykdysadyýete maýa goýumlarynyň çekilişini ýokarlandyrmak meselelerine ilkinji derejeli üns berýär.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti depginli ösdürmäge we degişlilikde, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alyp, Ýaponiýanyň ylym-bilim ulgamynda hem-de ýokary tehnologiýalar babatda toplan öňdebaryjy tejribesine gyzyklanýandygyny hem nygtamak gerek. Taraplaryň ikisi hem bu wajyp ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge üns berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan täze ugurlaryny kesgitlediler. Şu sanawda iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak bilen bilelikdäki işler aýratyn orun eýeleýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda açylan döwrebap Tehnopark ajaýyp mümkinçilik döredýär. Ol ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini özünde birleşdirýän iri toplumdyr.

Geçen ýylyň dekabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň barşynda dünýä energetikasynda geljegi uly ýokary hil häsiýetli kremnini almak üçin barlaglary geçirmekde hem-de innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamakda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiligi we peýdalanylyşy hem-de beýleki mowzuklar uly gyzyklanma döretdi. 2D we 3D sanly kartlary düzmek, tebigy baýlyklaryň ýerleşýän ýerini anyklamak üçin hem-de oba hojalygynda peýdalanmak üçin uçarmansyz innowasion enjamlary barlagdan geçirmekde we döretmekde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi uludyr.

Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň iri barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ýokary hünärli işgärlerini taýýarlamak hem-de nanotehnologiýalar ulgamynda we ýokary girdejili önümçiligi döretmekde tejribe alyşmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň baý, oňyn tejribesi bu ugurda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar.

Muňa Sukuba halkara uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2013-nji ýylda gol çekilen Ylalaşyk hem şaýatlyk edýär. Bu ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna diňe bir gündogar dil biliminde, deňeşdirme dil biliminde we edebiýatynda däl, eýsem, ekologiýa, ykdysadyýet we energetika ugurlarynda hem-de lukmançylygyň köp ugurlary we beýlekiler boýunça bilelikde barlaglary geçirmäge gönükdirilendir.

Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzda ýapon diliniň öwrenilmegine uly ähmiýetiň berilýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýyldan başlap D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili bölümi hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanyny artdyrmak, hususan-da, gündogar dillerini, şol sanda ýapon dilini öwretmegiň okuw maksatnamasyny işläp düzmegi hem-de ony tejribä ornaşdyrmagy tabşyrandygyny bellemek gerek. Özi-de diňe diller boýunça ýokary okuw mekdeplerinde we ýöriteleşdirilen fakultetlerde däl-de, eýsem tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde öwretmek ýola goýuldy. Mundan başga-da milli Liderimiz gündogar dillerini mekdeplerde, 5-nji synpdan başlap öwretmek usulyny işläp düzmegi we tejribä ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Özara gatnaşyk etmegiň ýene-de bir geljegi uly ugry syýahatçylykdyr. Onuň ösmegine köp ýagdaýlar, şol sanda bütin dünýäden jahankeşdeleriň gyzyklanmasy, Türkmenistanyň çäklerinde täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy amatly şert döredýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň häli-şindi dünýä jahankeşdeliginiň üns merkezine düşýändigini bellemek gerek. Muňa 2013-nji ýylyň güýzünde Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen “JATA Travel Showcase” halkara sergisinde—Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde iri syýahatçylyk ýarmarkasynda ýurdumyzyň sergisine bildirilen uly gyzyklanma şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa resmi saparyna gabat gelen bu serginiň hormatly myhmany boldy.

Barha meşhurlyga eýe bolýan halkara ähmiýetli “Awaza” deňiz şypahanasynyň sergä gelenlerde, aýratyn-da, has köp jahankeşdelik edýän halk hökmünde ykrar edilen ýaponlarda aýratyn gyzyklanma döredendigini aýtmak gerek. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň möhüm ykdysady we şonuň bilen birlikde-de, durmuş ähmiýetli taslamalaryň biridigini bellemek gerek. Onuň durmuşa geçirilmegine meşhur daşary ýurt, şol sanda Ýaponiýanyň gurluşyk kompaniýalary we maýadarlary çagyrylýar.

Şeýlelik bilen, ýapon işewür we syýasy toparlary tarapyndan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak boýunça anyk teklipler bilen berkidilýän hoşniýetli erk we özara gyzyklanma ýola goýlan netijeli aragatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek hem-de dostlukly türkmen we ýapon halklarynyň bähbitlerine hyzmat edýän köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam edýär. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar