ÝAHK-niň Ermenistan baradaky möhüm karary

Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň (ÝAHK) uly palatasy Azerbaýjanly bosgunlaryň öýlerine dolanyp barmagyny bökdeýän Ermenistany günäkär diýip, tapdy

306886
ÝAHK-niň Ermenistan baradaky möhüm karary

Kazyýet 1992-nji ýylda uruşdan soň Laçyn koridoryndaky öýlerini terk etmäge mejbur bolan, öýlerine dolanyp bilmeýän 6 azerbaýjanlynyň 2005-nji ýylda ýüz tutan delosyny netijelendirdi.
“Ermenistanyň Ýokary Garabagda basyp alan ýerlerinde ýuridiki jogapkärçiligiň bardygyna” karar beren kazyýet “Ýüz tutanlaryn öýlerine dolanyp barmaklarynyň öňüni alynmak arkaly, adam hukuklarynyň basgylanandygy” nygtalýar.
ÝAHK Ermenistanyň azerbaýjanlylara tölemeli jerimesinin mukdaryny birnäçe wagt soň kesgitlär.
Laçyn etraby Ýokary Garabag bilen Ermenistanyň arasynda geçelge bolup durýar we Ýokary Garabag ýaly ermeniler tarapyndan basylyp alyndy.
Synçylaryň aýtmagyna görä Ermenistanyň Ýokary Garabagy basyp almagyndan soň öýlerine dolanyp bilmeýän müňlerçe bosguny gyzyklandyrýandygy üçin uly ähmiýete eýe.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar