Ýewropa oýunlary başlady

Ýewropa oýunlary Bakudaky milli stadionda dabaraly ýagdaýda açyldy

303096
Ýewropa oýunlary başlady

1-nji Ýewropa oýunlary Baku şäherinde başlady.
17 gün dowam etjek Ýewropa oýunlaryna 50 ýurtdan 6 müň türgen gatnaşýar.
1-nji Ýewropa oýunlary düýn agşam Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky milli stadionda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Azerbaýjanyň taryhyny, medeniýetini we sungadyny görkezýän çykyşlara dünýäniň tanymal döwlet adamlary we türgenleri gatnaşdy.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Oýunlar komitetiniň ýolbaşçylygyny ýerine ýetiren aýaly Mehriban Aliýewa açylyş dabarasy bilen ýakyndan gyzyklandy.
Bakuwa gelen döwlet baştutanlary bilen birlikde Prezident R. T. Erdogan bilen käbir ministrler hem açylyş dabarasyna gatnaşdy.
1-nji Ýewropa oýunlary sport taýdan gündiz Baku Suw sportlary merkezinde geçirlen ilkinji bäsleşik bilen başlady.
Ýüzme bäsleşiginde Belarusyň adyndan bäsleşen Anna Şulyina bilen Dominika Tsiplakowa Ýewropa oýunlary taryhynyň ilkinji türgenleri boldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar