Türkiýe Elmydama Esasy Strategik Hyzmatdaş

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Türkiýäniň elmydama esasy strategik hyzmatdaş bolandygyny aýtdy.

2129617
Türkiýe Elmydama Esasy Strategik Hyzmatdaş

Olaf Şols Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB-niň liderler sammitinden soň geçiren metbugat ýygnagynda, sammitde Germaniýanyň başlangyjy boýunça Türkiýe bilen gatnaşyklaryň seljerilendigini beýan etdi.

Sammitde gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny beýan eden Şols; “Türkiýe elmydama ýeňil bolmadyk emma hökmany suratda esasy strategik hyzmatdaşdyr. Ol bilelikde seljerilmeli ençeme mesele üçin şeýledir. Şol sebäpli geljek bilen bagly perspektiwalar zerur. Netijeli hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem bähbitlidir” diýdi.

Olaf Şols, onuň esasanda Gümrük bileleşiginiň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi we özleri üçin möhüm bolup durýan migrasiýa meselesindäki hyzmatdaşlyk ugurlary üçin degişlidigini nygtady.

Kipr meselesi boýunça başlangyçlar üçin tagalla edýändigini aýdan Şols, şol sebäpli BMG-niň öňbaşçylyk etmegindäki töwellaçylyk gepleşikleriniň gaýtadan dikeldilmegi üçin çagyryş edendiklerini, meseläniň giňişleýin seljerilendigini nygtady.

 



Degişli Habarlar