Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Garabagda ornaşan rus parahatçylyk güýçleriniň sebitden çekilmäge başlandygyny beýan etdi.

2128931
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady

Peskow Mokswada žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ornaşan rus harby birikmeleriniň çekilmäge başlandygy hakyndaky habarlar barada durup geçen Peskow: “Hawa, bu hakykatdan hem şeýle” diýdi.

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan we 44 gün dowam eden 2-nji Garabag söweşi 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň liderleriniň üçtaraplaýyn jarnamasy bilen gutarypdy.

Jarnama laýyklykda Garabagda ermeni ilatyň ýerleşýän ýerlerinin we Laçyn koridory atlandyrylýan Hankendi-Laçyn ýolunyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sebite 1960 esgerden ybarat we “Rus parahatçylyk güýji” atlandyrylan rus harby birikmeleri ýerleşdirilipdi. Bäş ýyl möhlet bilen ýerleşdirilen “Rus parahatçylyk güýjüniň” iş möhletiniň 2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda gutarmagyna garaşylýardy.



Degişli Habarlar