Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär

Gruziýanyň häkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasynyň mejlise hödürlän “daşarky täsiriň aç-açanlygy” temaly kanun taslamasyna garşy protestler dowam edýär.

2129177
Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär

Paýtagt Tbiliside agşam ara müňlerçe adam Parlamentiň önünje jemlenşdi.

Demonstrantlar parlamentde alynky tassyknamany alan taslamanyň çekilmegini isledi.

Şota Rustaweli köçesini ulag gatnawyna ýapan müňlerçe adam demonstrasiýada “Ýok bolsun rus kanuny” we “Ýewropa; dogry ýola dowam” şygarlaryny aýtdylar.

Ýary gije hökümetiň binasyna tarap ýörişe başlan demonstrantlar, wekillerinin Premýer-ministr İrakli Kobahidze bilen duşuşmagyny talap etdi.

Gruziýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan berk çäre görülen binanyň daşynda jemlenşen demonstrantlar, ol ýerde birnäçe sagatlar şygarlar aýtdylar.

Demonstrasiýa gatnaşan käbir oppozision partiýalaryň wekilleriniň hökümetiň binasyna girmegine polis rugsat bermedi.

 Gruziýanyň häkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasy “daşarky täsiriň aç-açanlygy” atly kanun taslamasyny 2023-nji ýylyň mart aýynda mejlisiň garamagyna hödürläpdi.

Taslama serişdeleriniň 20 göterimden artyğyny daşardan alýan gruzin guramalarynyň “daşary ýurtly içaly” hökmünde bellige alynmaklaryny, eger şeýle bolmasa puşmaça tölegine mejbur edilmekleri nazarda tutulýardy.

Oppozisionerler we Prezident Salome Zurabişwili kanun taslamasynyň Russiýanyň görkezmesine laýyklykda taýýarlanandygyny öňe sürüp, bes edilmegini isläpdi.

Oppozisionerler taslamanyň bes edilmegi üçin aksiýalara başlandan soň parlamentde halk deputatlarynyň arasynda dawalaşmalar başlap, Tbilisiniň köçelerden ýörişler geçirilipdi.

Wakalaryn ulalmagy sebäpli Gruzin hyýaly partiýasy partlamente hödürlän kanun taslamasyny yza çekipdi.



Degişli Habarlar