Russiýa Perwomaýskoýe şäherçesini basyp aldy

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Donetsk welaýatynyň Awdeýewka şäheri ugrundaky Perwomaýskoýe şäherçesiniň rus goşuny tarapyndan basyp alynandygyny habar berdi

2127477
Russiýa Perwomaýskoýe şäherçesini basyp aldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, rus harby güýçleriniň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina urşundaky aksiýalary barada maglumat berildi. 

Rus goşunynyň Ukrainada çaknyşyklara dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Merkezi güýçlere degişli harby birikmeler Awdeýewka ugrunda Donetsk Halk Respublikasynyň Perwomaýskoýe şäherçesini azat edip, pozisiýasyny güýçlendirdi" diýip bellendi. 

Soňky 24 sagatda Ukrainanyň goşunyna degişli 222 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýdylýan beýanatda: "Harby operasiýanyň başlangyjyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 583 uçar, 270 dikuçar, 20 müň 826 uçarmansyz howa ulagy, 501 howa goranyş raketa ulgamy, 15 müň 767 tank we sowutly ulag, 1266 köp nilli raketa ulgamy, 8 müň 849 gaubisa we minomýot bilen 20 müň 960 ýörite harby ulag hatardan çykaryldy" diýip bellendi. 


Etiketkalar: #Donetsk , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar