Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý rus goşunynyň mart aýynda ýurduna guran hüjümlerinde 400 görnüşden gowrak raketa ulanandygyny beýan etdi.

2124276
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy

Zelenskiý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Russiýanyň mart aýynda Ukraina köp sanly raketa we dron hüjümini gurandygyny aýtdy.

Diňe mart aýynyn dowamynda rus goşunynyň Ukraina guran hüjümlerinde 400-den gowrak görnüşli raketa, 600-den gowrak “Şahed” dron we 3 müňden gowrak gönükdirmeli bomba ulanandygyny aýdan Zelenskiý; “Ukrainanyň dürli şäherleri we obalary bu terrordan zyýan çekýär. Russiýa esasanda front liniýasyndaky sebitlere hem-de serhetýakasyndaky ilatly ýerleri bombalaýar” diýdi.

Harkowa urşuň başyndan bäri raketalar we dronlar bilen hüjümleriň guralýandygyna ünsi çeken Zelenskiý; “İndi ruslar Harkowa guralýan hüjümlerde reaktiw bombalary ulanýar. Ol, şäherde gündelik ýitgi, gam-gussa diýmekdir. Möhüm ähmiýetli infrastruktura ýykylýar, ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetýär” diýdi.



Degişli Habarlar