Filippinlerde başdan geçirilen ulag heläkçiliginde 17 adam ýogaldy

Ýük ulagynyň sürüjisi göz tussaglygyna alyndy

2120162
Filippinlerde başdan geçirilen ulag heläkçiliginde 17 adam ýogaldy

Filippinleriň Kotabato şäherinde bir ýük ulagy bilen mikroawtobusyň çakyşmagy netijesinde bolan ulag heläkçiliginde 17 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugynyň resmisi Godofredo Tupas ýokarydan aşak tarap düşüp barýan we düzüminde çäge we çagyl bolan bir ýük ulagynyň, tormozlarynyň goýbermegi netijesinde, ýolagçy mikroawtobysyna süsendigini habar berdi. 

Tupas ulag heläkçiliginiň netijesinde ýanan mikroawtobusyň sürüjisi bilen 16 ýolagçynyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny, 1 ýolagçynyň bolsa halas bolup ýetişendigini mälim etdi. 

Ýük ulagynyň sürüjisi göz tussaglygyna alyndy. 



Degişli Habarlar