Zelenskiý Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi

Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Russiýanyň soňky günlerde ýurdunyň Harkow şäherine garşy hüjümleriniň gerimini giňeltmegi sebäpli Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi

2140111
Zelenskiý Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi

Ispaniýanyň Şa köşgi anna güni guraljakdygyny aýdan Zelenskiý bilen Şa IV Filipiň duşuşygynyň goý bolsun edilendigini habar berdi. 

Zelenskiýniň Madritde Ispaniýanyň Şasy IV Filip we premýer ministri Pedro Sançez bilen duşuşyklar geçirmegi, howpsuzlyk we goranyş ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekmegi göz öňünde tutulýardy. 

Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň Ispaniýa saparyndan soň Portugaliýa geçmegi meýilleşdirilýärdi. 

Diplomatik çeşmeler Russiýanyň Harkowa garşy hüjümlerini artdyrmagyndan soň Zelenskiýniň bu ýurtlara gurajak saparlaryny yza süýşürmäge mejbur galandygyny habar berdiler. 



Degişli Habarlar