Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi

Gresiýanyň Aleksandrupolis şäherinde urşa garşy aksiýa topary, demir ýolunyň ugruna barrikada goýup, ABŞ-na we NATO degişli tanklary alyp barýan otlynyň geçmegine ýol bermedi.

2119596
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi

Gresiýanyň Kommunistik partiýasyna agza topar, Aleksandrupolis şäherinde demir ýolunda urşa garşy protest aksiýasyny geçirdi.

Aksionerler; “Aleksandrupolis imperialistleriň merkezi däl, halklaryň porty” diýip, şygar aýtdylar.

Demir ýolunyň ugruna barrikada goýan aksionerler, ABŞ-na we NATO agza tanklary alyp barýan otlyny duruzdy.

Palestinanyň baýdaklaryny göteren aksionerlerden biri otludaky tankyň üstüne “Ganhorlar, öýüňize dolanyň” diýip ýazdy.

Türkiýe-Bolgariýa serhediniň golaýynda ýerleşýän Aleksandrupolis Ukraina-Russiýa söweşiniň başlamagyndan soň NATO-nyň harby enjamlarynyň Rumyniýanyň hem-de Bolgariýanyň üstaşyr Ýewropa geçirilmeginde alternatiw ýollardan birine öwrüldi.



Degişli Habarlar