Hytaý, Russiýa we Eýran Bilelikde Deňiz Türgenleşigini Geçirýär

“Howpsuzlyk bagy 2024” atly türgenleşigiň mart aýynyň 11-15-i aralygynda geçirler

2113989
Hytaý, Russiýa we Eýran Bilelikde Deňiz Türgenleşigini Geçirýär

Hytaýyň, Russiýanyň we Eýranyň deňiz güýçleri Oman deňiziniň golaýynda bilelikde deňiz türgenleşigini geçirýär.

Hytaýyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Howpsuzlyk bagy 2024” atly türgenleşigiň mart aýynyň 11-15-i aralygynda, sebitara deňiz howpsuzlygynyň goralmagy maksady bilen geçiriljekdigi nygtaldy.

Türgenleşigiň, Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Gyzyl deňizden geçýän söwda gämilerine hüjüm guraýan we ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň Ýemene hüjüm guraýan günlerinde geçirilmegi ünsleri özüne geçýär.

Türgenleşik geçen ýyl “Howpsuzlyk bagy-2023” ady bilen geçirlipdi.

 



Degişli Habarlar