Moskwa tutuş Ýewropa garşy uruşmaga taýarlyk görýärmi?

Wladimir Zarudnitskiý rus harby birikmeleriň ýaňadandna düzgünleşdirilmegi babatynda garaýyşyny beýan etdi we bütin rus jemgyýetiň goranyş zerurulyklarynyň töwereginde birleşdirilmegi barada çagyryş berdi

2112398
Moskwa tutuş Ýewropa garşy uruşmaga taýarlyk görýärmi?

Russiýanyň Baş ştabynyň Harby akademiýasynyň müdüri general Wladimir Zarudnitskiý, Ukraina uruşynyň tutuş Ýewropa ýaýrap biljekdigini habar berdi.

Rus habarlar agentligi RIA-nyň berýän habaryna görä, Wladimir Zarudnitskiý şol beýanatyny Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän "Harby Pikir" atly žurnalyndaky makalasynda berdi. 

Wladimir Zarudnitskiý makalasynda: "Ukrainadaky çaknyşygyň dartgynlaşmak ähtimallygyny ünsden düşürmeris. Russiýa bilen harby çaknyşyk üçin ulanylýan wekilçilikli güýçleriň sanyny artdyryp biler we hat-da Ýewropada giň göwrümli uruş ýüze çykyp biler" diýip belledi. 

Wladimir Zarudnitskiý: "Döwletimize garşy harby howplaryň esasy gözbaşy, Russiýany dolulygyna gowşatmak, özbaşdaklygyny çäklendirmek we bütin topraklaryny ýok etmek maksady bilen täze bir gibrid söweş alyp barýan ABŞ-nyň we ýaranlarynyň Russiýa garşy syýasatydyr. Döwletimiziň bilkastlaýyn täze harby çaknyşyklara çekilmegi ähtimallygy barha ýokarlanýar" diýip belledi. 

Wladimir Zarudnitskiý rus harby birikmeleriň ýaňadandna düzgünleşdirilmegi babatynda garaýyşyny beýan etdi we bütin rus jemgyýetiň goranyş zerurulyklarynyň töwereginde birleşdirilmegi barada çagyryş berdi. 


Etiketkalar: #uruş , #Ýewropa , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar