Argentina Milli Habarlar Gullugyny Ýapdy

1945-nji ýylda açylan Telam habarlar gullugynyň 700 işgäri bar.

2110979
Argentina Milli Habarlar Gullugyny Ýapdy

Argentinada hökümet, çykdajylary azaltmak maksady bilen, Argentinanyň Milli habarlar gullugy Telamyň ýapylmagy barada karar kabul etdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Manuel Adorni mesele hakynda beren beýannamasynda “Bu kararyň kabul edilmegi bilen söz azatlygyna zarba urlandygy baradaky garaýyşlar asylsyzdyr. Prezident Hawýer Milleý saýlaw kampaniýada habarlar gullugynyň ýapyljakdygyny aýdypdy we wadasynda durup, habarlar gullugynyň ýapylmagy barada görkezme berdi”diýdi.

Adorni, Telam habarlar gullugynyň 24 million dollarlyk ziýan çekendigine ünsi çekdi.

Karardan soň Telam habarlar gullugynyň işgärleri merkezi binanyň öňünde bir ýere jemlenşip, hökümete garşy ýöriş geçirdi.

Argentinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa hökümetiň kararyny söz azatlygyna guralan hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

1945-nji ýylda açylan Telam habarlar gullugynyň 700 işgäri bar.

 

 

 



Degişli Habarlar