Gazada Ýogalanlaryň Sany 30 Müň 228 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşuny 147 günden bäri Gazany bombalamaga dowam edýär.

2109763
Gazada Ýogalanlaryň Sany 30 Müň 228 Adama Ýetdi

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 193 adam artyp 30 müň 228 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 71 müň 377 adama ýetdi.

Ysraýylyň harby goşuny 147 günden bäri Gazany bombalamaga dowam edýär.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, soňky 24 sagatda Ysraýyl tarapyndan guralan 16 hüjümde 193 adamyň ýogalandygy, 920 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 30 müň 228, ýaralananlaryň sany bolsa 71 müň 377 adama ýetdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #bomba , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar