Papua Täze Gwineýada bolan çaknyşyklarda 53 adam ýogaldy

Ýuwaş okeanynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Papua Täze Gwineýanyň daglyk sebitlerindäki tire-taýpa çaknyşygynda 53 adam ýogaldy

2104019
Papua Täze Gwineýada bolan çaknyşyklarda 53 adam ýogaldy

Howpsuzlyk güýçleri Enga sebitinde iki taýpanyň biri-birlerini gabawa düşürmekleri netijesinde bolan çaknyşykda, 53 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Wakany ýurduň ýakyn taryhynyň iň uly gyrgynçylygy hökmünde häsýetlendiren howpsuzlyk güýçleri, jesetleriň ýük ulaglaryna ýüklenendigini beýan etdiler. 

Şanyň Polisiýa gullugynyň baş komissarynyň wekili Jorj Kakas bu waka jogap beren polisiýa işgärleriniň başdan geçirilen hadysa "haýran galandyklaryny" belledi. 

Jorj Kakas ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi. 

Sebitdäki çaknyşyklaryň 2022-nji ýylda geçirilen saýlawdan soň başlandygy, soňky wagtlarda gabamak we obalara garşy ýaragly hüjümler guramak arkaly artandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar