Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy

“Gyzyl deňizde Birtaniýa degişli nebit gämisi POLLUX-y nyşana aldyk”

2103657
Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Gyzyl deňizde Britaniýa degişli nebit gämisini nyşana alandyklaryny habar berdi.

Husileriň harby metbugat sekretary Ýahýa Seri, beren ýazmaça beýannamasynda, “Gyzyl deňizde Birtaniýa degişli nebit gämisi POLLUX-y nyşana aldyk” diýdi.

Hüjümiň Palestinanyň halkyna goldaw bermek maksady bilen guralandygyny aýdan Seri, Palestinanyň halkyna garşy guralýan hüjümler bes edilýänçä hüjümleriniň dowam etjekdigini ýatlatdy.

Britaniýa tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

 

 


Etiketkalar: #Husiler , #Eýran , #Ýemen

Degişli Habarlar