Ýaponiýada çöreklerde syçanyň galyndylary tapyldy
Ýaponiýada bir böleginde syçanyň galyndylarynyň tapylmagy sebäpli 100 müňden gowrak çörekli paket ýygnaldy
PASCO Shikishima kärhanasyndan berilen beýanatda, Chojuku dilimlenen çöregiň birnäçe paketinde syçanyň galyndylarynyň tapylandygy mälim edildi.
Beýanatda şol çörekleri iýen adamlaryň hiç biriniň häzirki wagta çenli kesellemändigi beýan edildi.
Waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy, häzirki wagta çenli 104 müň paket çöregiň ýygnalandygy aýan edildi.
Döwlet telewideniýesi NHK tarapyndan berilen habara görä PASCO kärhanasynyň ýurduň paýtagty Tokio şäherindäki fabriginiň işleri togtadyldy.
Merkezi Nagoýa şäherinde ýerleşýän PASCO Shikishima kärhanasynyň Chojuku görnüşli çöregi ýurt derejesinde köp sanda marketde satylýar.
Ýaponiýanyň tanymal çörek öndüriji kärhanasy PASCO Shikishimanyň ençeme önümi ABŞ we Hytaý ýaly döwletlerede eksport edilýär.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi hüjümler barada maglumat berdi