Ukraina Bir Million Dron Ugradylar

Bu barada NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg beýannama berdi.

2103244
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-nyň ýaranlarynyň Ukraina 1 million uçarmansyz howa ulaglaryny ugratmak boýunça ylalaşandygyny habar berdi.

Stoltenberg NATO-nuň Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki Ştab kwartirasynda geçirilen Goranmak ministrleriniň we NATO-Ukraina geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Baş sekretar: “Ýaranlar topary Ukraina 1 million dron bermek üçin jemlenşdi. NATO-nuň 20 ýarany bolsa mina saplaýyş toparyny döretmek boýunça ylalaşdy” diýdi.

Türkiýäniň, Bolgariýanyň we Rumyniýanyň Gara deňizde mina saplaýyş işlerini bilelikde alyp barmaklaryna kanagatlanma bildiren Stoltenberg, bu işlerin Ukrainanyň suw giňişliginden peýdalanmagyny, Russiýa garşy deňizde üstünlik gazanmagyna we gallasyny eksport etmegine şert döredendigini beýan etdi.

Ýens Stoltenberg şeýle hem Polşada täze bir NATO-Ukraina bilelikdäki analiz we tälim merkezini döretmek hakynda karara gelinendigini beýan edip, bu merkeziň maksadynyn ukrain goşunyna tejribe gazandyrmakdan ybaratdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar