Ysraýylyň Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň 900 Adama Ýetdi

Gazada öldürlen palestinalylaryň sany soňky bir hepde-de 1280 adam artyp 25 müň 900 adama ýetdi.

2093755
Ysraýylyň Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň 900 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany soňky bir hepde-de 1280 adam artyp 25 müň 900 adama ýetdi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 111 günden bäri Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi nygtaldy.

7-nji oktýabrdan bäri gabaw astyndaky Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde öldürlen palestinalylaryň sanynyň soňky bir hepde-de 1280 adam artyp 25 müň 900 adama ýetendigi, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 64 müň 110 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada, halkara guramalara Gaza gyssagly derman we lukmançylyk enjamlary kömeginiň berilmegi üçin çagyryş berildi.

Beýannamda Gazadaky 7 müň keselli bilen ýaralananlaryň halas edilmegi üçin daşary ýurtlarda bejergi almalydygyna üns çekildi.



Degişli Habarlar