Hytaýdaky ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany artdy

Hytaýyň Ýunnan welaýatynda 22-nji ýanwarda başdan geçirilen ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany 34 adama ýetdi

2093028
Hytaýdaky ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany artdy

Milli metbugatda berilen habarlara görä Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynyň Çžaotun şäheriniň Çžensýun etrabynyň Liangşui obasyndaky ýer süýşgüninden soň başladylan gözleg we halas ediş işlerinde ýene-de 3 adamyň jesedi tapyldy. 

Ýer süýşgüninde ýogalanlaryň sany 34 adama ýetendigi, 10 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi mälim edildi. 

Ozal bolsa obada 18 maşgalanyň ýeriň aşagynda galan ýer süýşgüniniň netijesinde 31 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň bolsa halas edilip ýetişilendigi habar berilipdi. 



Degişli Habarlar