ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar Boýunça Syýasatı Gaza Sektorunda Dartgynlyga Sebäp Bolýar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça syýasatynyň Gaza Sektorunda dartgynlyga sebäp bolýandygyny aýtdy

2081959
ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar Boýunça Syýasatı Gaza Sektorunda Dartgynlyga Sebäp Bolýar

Lawrow: “Dartgynlyk aýlawy togtadylmaly, palestinalylaryň sezewar bolan adalatsyzlygy ortadan aýrylmaly” diýdi.

Rus habarlar gullugy “TASS-a” interwýu beren Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça syýasatyny analiz edip; “ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda perdäniň arkasynda diplomatiýa oýnamak boýunça başlangyçlarynyň netijelerinden hemmeleriň ders almagy üçin wagt boldy. Waşingtonyň töwellaçylyk tagallalaryny monopoliýalaşdyrmaga we meseläniň halkara hukugyň esaslaryny ýoýmaga gönükýän çemeleşmesi bar bolan dartgynlygy ýüze çykardy” diýdi.

Rus çemeleşmesiniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine, BMG-niň Baş Assambleýasyna we Arap parahatçylyk başlangyjyna esaslanýandygyna ünsi çeken Lawrow: “Durnukly parahatçylygyň ýola goýmagyň usuly gowy bilinýär. Şol usul, Ysraýyl bilen parahatçylyk we howpsuzlyk şertlerinde ýaşajak, paýtagty Yýerusalim boljak 1967-nji ýyldaky serhetleriň çäginde garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny öz içine alýar. Halkara töwellaçylaryň borjy, taraplaryň ähli düşnüşmezlikleri çözmekleri üçin dialogy ýola goýmaklaryna goldaw bermek bolmaly. Elbetde ol ýeňil däl” diýdi.

Lawrow terror hüjümlerine we şol hüjümlere “halkara ynanperwer hukugy aç-açan bozýan köpçülikleýin jezalandyrma usullary bilen” jogap berilmegine garşy durýandyklaryny nygtap; “Çaknyşyk aýlawy togtadylmaly, palestinalylaryň sezewar bolan adalatsyzlygy ortadan aýrylmaly. Diňe şeýle bolanda Palestina-Ysraýyl meselesiniň dowam edýän sebitinde we Ýakyn Gündogarda durnuklylyk ýola goýlar” diýdi.



Degişli Habarlar