“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”

Wladimir Zelenskiý, ýurdunda saparda bolýan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

2133660
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus goşunynyň täze hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigini we hyzmatdaşlary bilen birlikde şol hüjümleriň öňüniň alynmalydygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý, ýurdunda saparda bolýan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Zelenskiý, ABŞ-nyň başda durmagynda hyzmatdaşlaryndan has köp ýarag kömegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Häzirki pursatdan rus goşunynyň ýerlikli peýdalanýandygyny nygtan Zelenskiý “Şol sebäpli gysga wagtda ýarag kömeginiň berilmegi, front liniýasynda durnuklylygyň ýola goýulmagy manysyny aňladýar” diýdi.

Zelenskiý, Ukrainanyň harby goşunyna ýarag kömeginiň berilmegi etabynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini belledi.

Iýul aýynda Waşingtonda geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine ünsi çeken Zelenskiý “Şol sammitde NATO-nyň güýçlenmeginiň weto edilip edilmejekdigine karar berler. Şol karar Ukraina meselesinde kabul ediler. Ukraina NATO agza bolmak üçin çakylyk almaly” diýdi.

 



Degişli Habarlar