Ysraýyl palestinalylara garşy mejbury migrasiýa meýilnamasyny durmuşa geçirmek isleýär

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri bombalar ýagdyrýan Gaza zolagyndaky palestinalylar, indi bolsa mejbury migrasiýa meýilnamasyna sezewar galmagyň howpy astynda

2081011
Ysraýyl palestinalylara garşy mejbury migrasiýa meýilnamasyny durmuşa geçirmek isleýär

Ysraýylyň HaÝom gazediniň berýän habaryna görä, Premýer ministr Binýamin Netanýahunyň täze maksady palestinalylary göçmäge mejbur etmek. 

Tel-Awiwiň bu meýilnamasy Binýamin Netanýahunyň Likud partiýasynyň deputatlary bilen geçiren ýygnagynda ýüze çykdy. 

Maslahatda Likud partiýasynyň deputaty Danny Danon meseläni gün tertibe getirip: "Dünýä bu meseläni ara alyp maslahatlaşýar. Ysraýylyň içinde topar döretmelidiris" diýip belledi. 

Netanýahu bolsa meseläniň üstünde işleýändiklerini habar berdi. 

Ysraýylyň aşa sagçy Maliýe ministri Bezalel Smotriç hem birnäçe wagt öň Gazadaky palestinalylaryň beýleki ýurtlara göçmeginiň "dogry çözgütdigini" öňe sürüpdi.

 



Degişli Habarlar