Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 173 adama ýetdi

2139202
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 82 adam artyp 35 müň 173 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 221 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 8 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 82 palestinalynyň ýogalandygy, 234 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 173, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 61 adama ýetendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar