Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 20 müň adamdan geçdi

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 20 müň 57 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 53 müň 320 adama ýetdi

2079529
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 20 müň adamdan geçdi

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 48 sagatda 390 palestinalynyň ýogalandygy, 734 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýaralananlaryň sany bolsa 53 müň 320 adama ýetdi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylýan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda giň gerimli hüjümler başlatdy. 

Ysraýyl 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerinde azyndan 8 müňi çaga, 6200-i zenan bolmak bilen jemi 20 müňden gowrak palestinaly ýogaldy, 53 müň 320 palestinaly bolsa ýaralandy. Harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň bardygy, halkyň sygynan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynýandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň goşuny Gaza garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 137-si gury ýer hüjümlerinde bolmak bilen jemi 469 esgeriniň öldürilendigini mälim etdi. 

Çaknyşyklara 24-nji noýabrda 4 günlük berilen we ondan soň ýene-de 3 gün uzadylan ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi. Beýleki tarapdan bolsa Ysraýyl müňlerçe palestinalyny tussag etmäge dowam edýär. 

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada we Iýerusalimde ysraýylly harby güýçler we ýewreý ýaşaýjylar tarapyndan guralan hüjümlerde 304 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda bolsa asuda ilatdan bolan 26 liwanly, Hizbullahyň 118 agzasy, asuda ilatdan 5 ysraýylly we 6 ysraýylly esger ýogaldy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar