Jammu Kaşmirde Başbozarlara Garşy Alnyp Barylýan Operasiýalar Dowam Edýär
Jammu Kaşmir sebitinde başbozarlar bilen bolan çaknyşykda hindistanly 4 esger ýogaldy.
2067979
Hindistanyň Jammu Kaşmir sebitinde başbozarlar bilen bolan çaknyşykda hindistanly 4 esger ýogaldy.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Ražouri etrabynyň günortasynda tokaýlyk meýdanda düýn irden başbozarlar bilen esgerleriň arasynda çaknyşygyň bolandygy nygtaldy.
Çaknyşykda 4 esgeriň ýogalandygy ýatladyldy.
İndian Expresstde berlen habarda bolsa çaknyşykda 1 başbozaryň hem ýogalandygy bellenildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda sebitde goşmaça harby toparyň ugradylandygy we operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.
Jammu Kaşmiriň Kulgam sebitinde başbozarlara garşy 17-nji noýabrda başladylan operasiýada 5 başbozaryň öldürlendigi habar berildi.