“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Üçin Tagalla Edýäris”

Guterreş, Gara deňiz galla geçelgesi başlangyjynyň dowam etdirilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

2062255
“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Üçin Tagalla Edýäris”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Gara deňiz galla geçelgesi başlangyjynyň dowam etdirilmegi üçin tagalla edýändiklerini emma etabyň gaty kyndygyny aýtdy.

Ukraina meselesiniň halkara hukuk kadalaryna we BMG-nyň şertlerine laýyklykda çözülmedligini nygtan Guterreş, “Ukrainanyň territorial bitewiligi kepillendirilmeli”diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary “Meseläniň haçan we nähili ýagdaýda çözüljekdigi hakynda hiç hili maglumat berip bilmerin. Meseläni çözer ýaly güýjüm ýok, emma wezipämiň jogapkärçiligi bar, parahatçylyk ýola goýulmaly” diýdi.

Gara deňiz galla geçelgesi başlangyjynyň ýaňadandan dowam etdirilmegi barada durup geçen Guterreş, “Biz tagalla etmäge dowam edýäris. Emma Gara deňiz galla geçelgesi başlanjygynyň ýanadandan janlandyrylmagy etaby gaty kyn bolar” diýdi.

Halkara meseleleriň çözülmeginde BMG-nyň oýnaýan roly barada hem durup geçen Guterreş, BMG-nyň birnäçe ugur boýun köp taraply şetnamanyň baglaşylmagynda uly rol oýnandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar