Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Gazada göçme hassahanalara zerurlygyň bardygyny aýtdy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý al-Keýle Ysraýylyň giň gerimli hüjümleri sebäpli saglygy goraýyş ulgamynyň çöken Gazada göçme hassahanalara zerurlygyň bardygyny aýtdy

2060769
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Gazada göçme hassahanalara zerurlygyň bardygyny aýtdy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý al-Keýle telewideniýe kanallaryň birinde we ministrligiň Facebook sahypasynda görkezilen beýanatynda, Gazadaky saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy barada maglumat berdi. 

Gazadaky hassahanalaryň işlemäge dowam edip bilmegi üçin ýangyja, elektrik toguna we lukmançylyk enjamlaryna zerurlygyň bardygyny aýdan Keýle, hüjümleriň dowam etmegi we ýangyjyň bolmazlygy sebäpli 16 hassahana bilen 51 saglygy goraýyş merkeziniň hyzmat berip bilmeýändigini habar berdi. 

Adaty ýagdaýda hem Gazadaky hassahanalarda orunlaryň ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan Keýle, 16 hassahananyň hyzmat berip bilmeýändigi we hüjümlerde 24 müňden gowrak adamyň ýaralanmagy sebäpli hassa orunlarynda uly ýetmezçilikleriň başdan geçirilýändigini beýan etdi. 

Adamlaryň arassa bolmaýan gurşawda, hassahananyň koridorlarynda we telefonlaryň çyrasy bilen operasiýa edilýändigini aýdan Keýle, Gazada göçme hassahanalarynyň gurulmagynyň zerurdygyny mälim etdi. 

Keýle bütin dünýä we halkara guramalara ýaralanan adamlaryň Müsürdäki hassahanalara ugradylmagy, Gaza ýangyjyň we lukmançylyk enjamlarynyň girmegine rugsat berilmegi üçin çagyryş berdi. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi. 

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasynyň başladylandygyny mälim edipdi. 

Başdan geçirilýän hadysalar sebäpli taraplaryň ikisinden hem müňlerçe adam ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny bilen Hamasyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri wagtal-wagtal garşylyklaýyn hüjümler guralýar. 



Degişli Habarlar