Terror guramasy PKK/ÝPG ýene-de 2 gyz çagany alyp gaçdy

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG Siriýanyň demirgazygynda basyp alyşlygy astynda bolan Kamyşly etrabyndan ýene-de 2 gyz çagany alyp gaçdy

2053741
Terror guramasy PKK/ÝPG ýene-de 2 gyz çagany alyp gaçdy

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG alyp gaçan çagalary öz hataryna goşmaga dowam edýär. 

17-nji oktýabrda Haseke welaýatynyň Kamyşly etrabyndan 14 we 15 ýaşlaryndaky 2 gyz çaga terrorçylar tarapyndan alynyp gaçyldy. 

Terror guramasy alyp gaçan çagalarynyň maşgalalary bilen aragatnaşyga girmeklerine päsgel berdi. 

Gurama alyp gaçan çagalaryny ýarag tälimini bermek üçin bazalaryna alyp gidýär. 

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG iýul aýynda Haseke welaýatynyň merkezinden 6 çagany, Kamyşly etrabyndan 7 çagany, Manbij etrabyndan 4 çagany we Halap welaýatynyň Şeýh Maksud etrapçasyndan 1 çagany alyp gaçypdy. 


Etiketkalar: #çaga , #ÝPG , #PKK , #Siriýa

Degişli Habarlar