Duma Dünýä Ýurtlaryna Çagyryş Etdi

Russiýanyň Döwlet Dumasy Palestina-Ysraýyl çaknyşygynyň çözülmegi üçin BMG-na we dünýädäki ýurtlaryň parlamentlerine çagyryş etdi.

2053382
Duma Dünýä Ýurtlaryna Çagyryş Etdi

Dumada kabul edilen Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary hakynda “çözgüt çağyryşynda” BMG-den we beýleki dünýä ýurtlarynyň parlamentlerinden Ýakyn Gündogarda ozal görülmedik betbagtçylygyň öňüni almak, asuda ilata guralýan hüjümleriň bes edilmegi we möwç alýan dartgynlygy duruzmak üçin mümkin bolan ähli çäreleriň dessine görülmegi islenýär.

Ysraýylyň Gazadaky hassahana guran hüjüme üns çekilýän çagyryşda “Nähak zulum we aşa güýç häzirki wagtda birnäçe müň adamyň ölmegine sebäp boldy. Syýasy meseleleri ýaraglar bilen çözmegi saýlap alýan wagşy çemeleşmeler, dünýada ýehudilere we musulmanlara garşy müňlerçe protestleriň geçirilmegine sebäp boldy” diýilýär.

Çagyryşda halkara adam hukuklaryna edilýän äsgermezçilikleriň ählisi ýazgarylyp, esasanda halkara ylalaşyklar bilen gadagan edilen ok-däriniň peýdalanylmagy, saglygy goraýyş guramalary bilen jemgyýetçilik binalaryna, energiýa we suw desgalaryna guralýan hüjümler hem-de asuda ilatyň mejbur göçmeginiň nazarda tutulýandygy nygtaldy.

Çagyryşda harby jenaýatlary je adamzada garşy jenaýat eden günäkärlere degişli jezalaryň berilmeginiň möhümdigi hem beýan edilýär.



Degişli Habarlar