“Erdogan, Ysraýyl Bilen Hamasyň Arasynda Uly Rol Oýnap Biler”

Şols, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky çaknyşyklar hakynda durup geçdi.

2050028
“Erdogan, Ysraýyl Bilen Hamasyň Arasynda Uly Rol Oýnap Biler”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Prezident R. T. Erdoganyň Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy meselesinde uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Şols, Federal Mejlisde eden çykyşynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky çaknyşyklar hakynda durup geçdi.

Sebitde ýerleşýän ýurtlara Ysraýyla garşy duşmançylykly syýasat alyp barmakdan gaça durmaklary üçin çagyryş beren Şols, “Ysraýyla hüjüm etmek uly ýalňyşlykdyr” diýdi.

Şols, Gaza meselesinde Müsüriň Prezidenti Abdulfettaf as Sisi bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny, şu gün Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini, Kataryň Emiri Al sani bilen hem Berlinde duşuşjakdygyny ýatlatdy.

Federal Kansler Şols, Germaniýanyň Ysraýyl bilen arkalaşykly hereket edýändigini nygtady.

ýurdunyň ysraýyla goldaw berýändigini aýdan Şols, Ysraýylyň howpsuzlygynyň Germaniýanyň döwlet meselesidigine ünsi çekdi.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar