ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi

ABŞ ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde NATO ýarany bolan Türkiyäniň we türk halkynyň ýanynda tutanýerlilik bilen durmaga dowam etjekdiklerini habar berdi

2045322
ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller metbugata beren beýanatynda, PKK-nyň ABŞ tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýändigini ýatlatdy. 

Metbugat işgärleriniň biriniň Ankarada birnäçe gün ozal guralan terrorçylykly hüjümiň arkasynda terror guramasy PKK-nyň bardygyny ýatladyp: "Türkiyede uzak möhletden bäri ABŞ-nyň PKK-a we Siriýadaky şahasy ÝPG-e berýän goldawyna garşy öýke-kine bar. ABŞ, NATO ýarany bolan Türkiye tarapyndan terrorçylyk topar hökmünde kabul edilýän gurama bilen mundan soň gatnaşyklaryny nähili saklamagy meýilleşdirýär?" görnüşdäki soraga Miller: "ABŞ ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde NATO ýarany bolan Türkiyäniň we türk halkynyň ýanynda tutanýerlilik bilen durmaga dowam eder" diýip jogap berdi. 

ABŞ-nyň Türkiyäniň paýtagtyndaky terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýandygyny aýdan Miller, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 


Etiketkalar: #PKK , #Türkiye , #ABŞ

Degişli Habarlar