Duda Ukraina Täze Ýaraglaryň Berilmegine Garşy Durýar

Polşanyň Prezidenti Andreý Duda Polşanyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin satyn alynan täze ýaraglaryň başgasyna berilmejekdigini aýtdy.

2040912
Duda Ukraina Täze Ýaraglaryň Berilmegine Garşy Durýar

Polşanyň “PAP” habarlar gullugy Dudanyň mesele boýunça beýanatyny çap etdi.

Duda Mateuş Moraweskiniň bu baradaky beýannamalarynyň “mümkin bolan iň agyr görnüşde analiz edilendigini” nygtap, Premýer-ministriň beýannamasynyň Polşanyň goşunlary üçin satyn alynan täze ýaraglar bilen baglydygyny beýan etdi.

Poşanyň goşunlaryny güýçlendirmek isleýändiklerini nygtan Duda; “Polşanyň howpsuzlygyny artdyrmak üçin milliardlarça dollara satyn alan täze ýaraglarymyzy başgasyna berip bilmeris. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasyndan ýa-da ABŞ-dan alan “Abrams”, “Patriot” ulgamlary ýa-da “HİMARS” ýaly täze ýaraglaryň geçirilmegine garşy duran men bolaryn” diýdi.

Duda Polşa bilen Ukrainanyň arasynda ozal gol çekişilen üpjünçilik hakyndaky şertnamalary bolsa ýerine ýetirendiklerini we getirmäge mejburdyklaryny nygtady.

Prezident Duda goşunyň inwentaryndan çykarylan enjamlaryn bir böleginiň şu günki güne çenli ozalky Sowet ýaraglary ýaly Ukraina geçirilip bilinjekdigini beýan etdi.

Hökümetiň Metbugat sekretary Piotr Mýuller şu gün irden “PAP” habarlar gullugyna “Polşanyň Ukraina bilen gol çekişilen şertnamalardan gelip çykýanlar bilen bilelikde meýilleşdirilen ok-därileri we ýaraglary berendigini” beýan etdipdi.

Premýer-ministri Moraweski “Posat Nýus” teleýaýlymyna 20-nji sentýabrda beren ilkinji interwýusynda “Ukrainaly resmilere duýdurasym gelýär, eger çaknyşygy şeýle giňetmäge dowam etseler, Polşa import gadagançylygynyň sanawyny giňelderis” diýipdi.

Moraweski agşam ara beren ikinji beýannamasynda; “Mundan beýläk Ukraina haýsydyr bir ýarag ugratmarys. Sebäbi indi özümizi iň döwrebap ýaraglar bilen üpjün ederis” diýipdi.



Degişli Habarlar