Bolgariýanyň Gara Deňiz Kenarynda Bomba Ýüklenen Dron Hatardan Çykaryldy

Bu barsynda Goranmak ministrliginden ýazmaça beýannama berildi.

2038913
Bolgariýanyň Gara Deňiz Kenarynda Bomba Ýüklenen Dron Hatardan Çykaryldy

Bolgariýanyň demirgazyk gündogarynda Rumyniýa serhediniň golaýyndaky Gara deňiz kenarynda ýerleşýän Týulenowa obasynda myhmananyň eýesi kenara çykan agyr zeper ýeten 3,5 metr uzynlygyndaky drony görýär.

Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä dronuň tapylan ýerine baran Deňiz güýçleriniň topary, dronuň üstünde 82 millimetrlik partlaýyjynyň bardygyny anyklady.

Partlaýyjy gözegçilikli ýagdaýda ýaryldy.

Goranmak ministri Todor Tagarew dronuň nireden ugradylandygynyň anyklanyp bilinmändigini, emma Russiýa-Ukraina söweşi bilen baglanşyklydygyny beýan etdi.

Partladyş işiniň degişli ähli howpsuzlyk çarelerinden soň amala aşyrylandygyny beýan eden Tagarew; “Şeýle wakalar her hepde bolýar” diýdi.



Degişli Habarlar