Kubada Russiýa üçin hakyna tutma esger ýygnaýan topar anyklandy

Kubada Russiýa üçin hakyna tutma söweşiji esger ýygnaýan jenaýat topary bilen baglanşykly 17 adam göz tussaglygyna alyndy

2034802
Kubada Russiýa üçin hakyna tutma esger ýygnaýan topar anyklandy

"Cubadebate" saýtynyň kubaly resmilere esaslanyp beren habarynda, ýurtda Russiýa üçin hakyn tutma söweşiji ýygnaýan jenaýat topary bilen arabaglanşykly 17 adamyň tussag edilendigi we şolaryň 14-siniň hakyna tutma söweşijidigini boýun alandyklary habar berildi. 

Göz tussaglygyna alynan adamlaryň daşary ýurtdan ugrukdyrylýandyklary, aglabasynyň ozal kazyýet hasabyna alynandygy we maşgalalaryndan garaşsyzdyklary mälim edildi. 

Kubanyň Baş prokuraturasynyň jenaýat-kazyýet işleri müdürliginiň waka bilen derňew işini başladandygy, bular ýaly görnüşli hereketlere garşy agyr çäreleriň görülýändigi aýan edildi. 

Daşary işler ministrliginiň öňe sürmeler bilen bagly beren beýanatynda, Kubanyň Ukrainada dowam edýän uruşyň tarapdary bolmandygy bellenip, Kubanyň hakyna tutma esger we adam söwdasyny edýänlere garşy täsirli çäreler görýändigi beýan edildi. 

Kubanyň Daşary işler ministrligi 5-nji sentýabrda beren beýanatynda, Ukrainadaky söweş üçin adada we bir Ýewraziýa ýurdunda hakyna tutma söweşiji ýygnaýan, merkezi bolsa Russiýada bolan adam söwdasyny edýän guramanyň ýok edilendigini we Kubanyň raýatlarynyň islendik bir ýurda garşy ýaragly çaknyşyga gatnaşmaýandygyny habar beripdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Kuba

Degişli Habarlar