PKK/ÝPG-nyň Guran Hüjüminde Asuda Ilatdan 1 Adam Ýogaldy

Hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.

2034589
PKK/ÝPG-nyň Guran Hüjüminde Asuda Ilatdan 1 Adam Ýogaldy

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň, Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanan Bab etrabynyň Kabbasyn etrapçasyna guran hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.

PKK/ÝPG-li terrorçylar, Manbiç etrabynda basyp alyşlyk astyndaky Ureýme etrapçasyndan Kabbasina gury ýerden ýaragly hüjüm gurady.

Hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.

Terror guramasy PKK/ÝPG, Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab etrabynyň al Ulakly obasynda metjide we asuda ilata garşy roketalar bilen hüjüm gurap, 200 maşgalanyň Bab etrap merkezine göçmegine sebäp bolupdy.

Bab etrap merkezi, etrapçalary we obalary, 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türk ýaragly güýçleriniň “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terror guramasy DAEŞ-dan saplanypdy.



Degişli Habarlar